Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi üçin ulag we logistika merkezleriniň sanly sanawy döredilýär. Oňa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasy barada maglumatlary girizmek meýilleşdirilýär.
Bu GDA-nyň ýanwar aýynyň ahyrynda geçirilen ulag babatyndaky işewür gepleşikleriniň ikinji mejlisiniň netijelerinden gelip çykýar. Infrastruktura sanawy Arkalaşyga agza döwletleriň Sazlaýjy ulag maslahatynyň saýtynda köpçülige hödürlener. Sanawdaky maglumatlar Türkmenistanyň ähmiýetiniň barha artýan Demirgazyk – Günorta geçelgesinde logistika ugurlaryny we üpjünçilik ulgamyny has netijeli döretmäge mümkinçilik berer.
MTK-nyň ösüş strategiýasynda kesgitlenen üç esasy ugruň ikisi Türkmenistanyň üstünden geçýär: Transhazar ugry – Hazar deňziniň üsti bilen deňiz we derýa ulaglary arkaly Wolga boýunça Astrahan, Aliýa we Mahaçkala portlaryndan türkmen hem eýran portlaryna. Gündogar ugry – Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen awtomobil we demir ýollar arkaly.
«RŽD Logistika» kompaniýasynyň wekilleriniň ýakynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna eden saparyndan soň onuň baş müdiri Dmitriý Murýew Türkmenistanyň port infrastrukturasyna ýokary baha berdi. Ol Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň özünde diýseň ýakymly täsir galdyrandygyny we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň täze logistika çözgütlerini taýýarlanda, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanjakdygyny aýtdy.
Rus hünärmeniň pikiriçe, Türkmenistanyň ulag infrastrukturasy artýan ýük akymlary bilen işlemek üçin ýeterlikdir, Etrek bekediniň ýük howlulary we toplumlary harytlary ini giň demirýollardan Eýranyň demir ýollaryna geçirmäge taýýardyr. Ulagyň ähli görnüşleriniň işiniň şol bir wagtda alnyp barylýandygyny bellän Dmitriý Murýew Türkmenistanyň Gündogar –Günbatar, Demirgazyk – Günorta we gaýdyş ugurlarda geljegiň möhüm ulag merkezine öwrülip biljekdigi baradaky pikiri aýtdy.
maglumatyň çeşmesi: https://www.turkmenistan.gov.tm