2024-nji ýylyň 28-nji ýanwary 3-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýanyň hünärmenleri Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýeti (BV klassifikasion jemgyýeti) tarapyndan guralan «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça okuwa gatnaşdylar. Bu okuw 2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen BV klassifikasion jemgyýetiniň arasynda baglaşylan «Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde geçirildi.
Okuwyň dowamynda BV klassifikasion jemgyýetiniň bilermenleri tarapyndan halkara standartlaryna laýyklykda gämileriň howpsuz ýüzüşini üpjün etmegi we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almagy üpjün etmegiň esasy talaplary boýunça sapaklar berildi. Hususan-da, Klassifikasion Jemgyýetleriň Halkara Assosiýasy (IACS) barada düşünje berlip, klassifikasion jemgyýetleriň alyp barýan işleri, konsepsiýasy hem-de olaryň ähmiýeti barada öwrenildi. Şeýle-de, döwlet port gözegçiligi barada hem durlup geçilip, onuň esasy wezipeleri we gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin diňlenildi. Mundan başga-da, okuw maslahatynyň dowamynda Deňizde adamyň janyny goramak barada (SOLAS-74) konwensiýanyň bölümleri boýunça BV klassifikasion jemgyýetiniň öňdebaryjy tejribesi öwrenildi.
Halkara deňiz guramasynyň (SOLAS-74) konwensiýanyň degişli bölümleri we ondan gelip çykýan Kodeksler (LSA, ISM, ISPS we ş.m) barada, ýagny, gämilerdäki kollektiw we indiwidual halas ediş serişdeler, dürli görnüşli ýangyn söndürjiler, ýangyna garşy ulgamlar, gämide deňiz gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün edýän radionawigasion enjamlar, ýükleriň hususan-da howply ýükleriň daşamaklygyň aýratynlyklary barada, şeýle hem, Ýük markasy hakynda halkara konwensiýasy (LOAD Lines-66), Gämilerden hapalanmagyň öňüni almak barada konwensiýasy (MARPOL-73/78) barada leksiýalar diňlenildi.
Geçirilen okuwyň netijesinde hünärmenlere «Ulanyşdaky gämileri barlamak» ugry boýunça şahadatnamalar gowşuryldy.