Halkara deňiz baýragy

Halkara deňiz Guramasynyň (HDG)  Geňeşi tarapyndan her ýyl HDG -nyň işine we üstünliklerine iň möhüm goşant goşan hünärmene ýa-da edara-kärhanalara Halkara deňiz baýragy berilýär.

Halkara deňiz baýragy ýunus görnüşindäki heýkeli we maddy baýragy öz içine alýar. Ýyllyk baýragyň eýesi HDG -nyň işine degişli mowzukda makala ýazmaga hem çagyrylýar.

Eger-de, baýraga mynasyp hünärmen hödürlenmese, baýragyň berilmezlik mümkinçiligiň bolmagyna garamazdan, 1980-nji ýylda ilkinji gezek berileni bäri, baýrak her ýyl hünärmene ýa-da edara kärhana berilýär.

Baýraga dalaşgärler hökmünde diňe HDG-nyň agzalary bolan hökümetler, Birleşen Milletler Guramasyna girýän guramalar, häkimiýetler we maksatnamalar, HDG bilen hyzmatdaşlyk baradaky şertnamasyna gol çeken hökümetara guramalar ýa-da konsultatiw ýagdaýly (statusly) hökümete degişli bolmadyk halkara guramalary maslahat berlip bilner.

1998-nji ýylda Halkara deňizde halas ediş federasiýasy bu baýragy ilkinji bolup edara-kärhana derejesinde aldy we şu güne çenli şol baýraga mynasyp bolan ýeketäk gurama bolup durýar. 2010-njy ýylda Linda Jonson ilkinji zenan laureat boldy.

  maglumatyň çeşmesi: https://www.imo.org