«Türkmennebit» döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda iş saparynda bolýan BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýändigi we ekologiýanyň talaplaryna laýyklykda, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýandygy bellenildi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda «Dragon Oil» kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynyň ähmiýeti dogrusynda hem bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň ähmiýeti barada aýdyldy.
Şol saparyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde hem hyzmatdaşlygyň netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.