Aşgabatda türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň dürli derejelerde yzygiderli aragatnaşyklaryň ýokary netijeliligi we ähmiýeti bellenildi. Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki hyzmatdaşlygyň öndürijilikli häsiýetine üns çekilip, halkara guramalarynyň çäklerindäki ýakyn özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar parlamentara dostluk toparlarynyň işini güýçlendirmek arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyna üns çekdiler. Şeýle hem, taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine ýokary baha berdiler.

Ulag, energetika, söwda, oba hojalygy, syýahatçylyk, ylmy we medeni gatnaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda gatnaşyklary saklamaga ygrarlydygyny beýan etdiler diýlip, habarda bellenilýär.