«CTS» tarapyndan berilýän deslapky maglumatlara görä, 2023-nji ýylda dünýäniň konteýner bazarynda daşalan ýüküň möçberi 173,8 million TEU barabar boldy. 2022-nji ýyldaky 4%-den gowrak derejedäki pese düşmeginden soň, geçen ýyl deňizde konteýner daşamak mümkinçiligine bolan isleg 0,3% ýokary boldy.
2023-nji ýylyň birinji ýarymynda gazanylan ösüşden soň — tomsuň ortalaryndan konteýner daşamaga bolan isleg ýene peselip başlady. Muňa garamazdan, dekabr aýynda Aziýanyň importyndan başga ähli geografiki böleklerde ýokary derejedäki böküş bellige alyndy.
Şeýlelikde, Şanhaý portunyň ýanwar aýyndaky dolanyşygy dekabr aýyndan başlanan ösüşiň 2024-nji ýylyň başyna çenli dowam edendigini görkezýär. Ýylyň birinji aýynda dünýäniň iň uly konteýner porty 4,5 million TEU-dan gowrak ýük daşady. Munuň özi geçen ýylyň ýanwar aýyndan 18% artykdyr we 5 ýylyň ortaça derejesinden 15% ýokarydyr.