«Deňiz söwda floty» PJ-i “Bitarap” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämisi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak babatda bäsleşik yglan edýär

«Deňiz söwda floty» PJ-i bäsleşik yglan edýär:

Lot №1 - “Bitarap” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämisi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak;

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplara (Ýüz tutujylara) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

- Bäsleşige gatnaşyjy firmanyň, kompaniýanyň ady, hukuk görnüşi, hasaba alnan ýurdy, poçta salgysy, telefon, faks belgileri we elektron poçtasy, hem-de Ýüz tutujynyň Türkmenistandaky wekiliniň maglumatlary özünde saklaýan arzany tabşyrmaly;

- Bäsleşik resminamalarynyň bukjasy «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary tölenenden soňra alnyp bilner;

Resminamalar şu salga ýollanmaly: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar köçesi 1, «Deňiz söwda floty» ÝGPJ.

Ýüz tutujy Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary bildirişiň yglan edilen gününden başlap, 1 aýyň dowamynda tabşyryp bilýär. Gatnaşmak üçin arzalar 13.00 (ýerli wagt bilen) çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 243) 5-12-46

Elektron poçta: technicaldep@mmf.com.tm