Indoneziýa Jakartadaky Tanjungdan soň ikinji uly port bolan Günorta Sulawesi şäherindäki täze Makassar portunyň gurluşygyna 5,4 trillion indoneziýa rupiýasyny (takmynan 345 million dollar) maýa goýdy.
Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo täze portuň açylyş dabarasynda – Indoneziýanyň gündogarynda ýerleşýän bu iri portyň içerki logistika çykdajylaryny azaldyp biljekdigine umyt edýäris – diýdi. Joka Widodo milli we halkara derejesindäki ýiti bäsdeşlik şertlerinde netijeli işlemegiň möhümdigini belledi.
Portlaryň, zawodlaryň we senagat zolaklarynyň ýerleşişiniň arasynda integrasiýanyň ýoklugy sebäpli Indoneziýada logistika çykdajylary 10 ýyl ozal 24 göterime ýetdi. Widodonyň pikiriçe, bu görkeziji 14 göterime çenli azalsa-da, bu görkezijini has-da azaltmak üçin edilmeli işler kän.
Täze Makassar portunyň çuňlugy 16 metr we kuwwaty 2,5 million TEU bolup, konteýner daşaýan uly gämileriň ýanaşmagyna mümkinçilik berýär.