Özbegistanda internet aragatnaşygyny giňeltmek üçin şertler gowulandyrylar.
Respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew degişli Kanuna gol çekdi.
Bu Kanun bilen “Döwlet pajy hakynda” hem-de “Ygtyýarlylandyrmak, rugsat beriş we habar beriş amallary hakynda” Kanunlara üýtgetmeler girizilýär. Bu üýtgetmeler ykjam radiotelefon aragatnaşygyna degişli ozal bar bolan ygtyýarlylandyrylýan işleriň taslamak, gurmak, işletmek we ýurduň çäginde radiotelefon aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak ýaly iş ugurlary bilen üstüniň ýetirilmegini göz öňünde tutýar.
Kanun çap edilen gününden 3 aý geçenden soňra güýje girýär.