Deňiz pudagynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň halkara baýramçylygy – bu deňiz pudagy üçin aýallaryň ýerine ýetirýän işlerine we işlerinde gazanan üstünliklerine bagyşlanan aýratyn günidir. Bu baýramçylyk 1988-nji ýylda Halkara Deňiz Guramasy (IMO) tarapyndan ykrar edilip, her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýär. Baýramçylygyň döredilmeginiň maksady, deňhukuklylygy goldamak we deňiz pudagynda aýal-gyzlaryň işlemekleri üçin döredilen şertleri ösdürmek bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudagy diýlip deňiz pudagy hasaplanýar we aýal-gyzlarymyz bu pudakda esasy orny eýeleýär. Bu pudakda aýal-gyzlarymyz gämini dolandyrmak, tehniki hyzmatlary, täjirçilik amallary, ylmy-barlag işleri we mundanam başga hünärlerde zähmet çekýärler.
Deňiz pudagynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň halkara baýramçylygy, şeýle hem, aýal-gyzlaryň bu pudakda işlemek üçin ýüze çykýan kabir kynçylyklary, ýagny, diskriminasiýa we wezipelerini ýokarlandyrmakda ýüze çykýan deňsiz mümkinçilikleri aýan etmek üçin hyzmat edýär. Şeýle hem, şol güni aýal-gyzlaryň bu pudakda gazanan üstünlikleri we deňiz ulag pudagyna goşan goşantlary bellenilýär.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda deňiz pudagynda işleýän aýal-gyzlaryň sany ep-esli artdy we olar özlerini zehinli hem-de başarjaň hünärmen hökmünde görkezdiler. Olar ýokary hünär derejesini, dolandyrmak we ýolbaşçylyk ukyplaryny, şeýle hem, çylşyrymly meseleleri çalt seljermek we çözmek ukyby bilen tapawutlanýarlar.