Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalary 23-24-nji aprelde Astrahanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Hazar sebitiniň ulag logistikasy-2024” III halkara forumyna gatnaşarlar. Onda Wolžsk-Hazar ulag-logistika ekoulgamy, Demirgazyk – günorta halkara ulag geçelgesi we beýleki degişli meseleler maslahatlaşylar.
Foruma Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň deňiz portlaryň wekilleri, ýük iberijileri, deňiz operatorlary, eksport we import edijileri gatnaşarlar. Forumyň ilkinji gününde Astrahanyň birnäçe ýük portlaryna gezelenç sapary guralar.
Çäräniň çäginde suw ulag bazarynyň ýagdaýy we geljegi, port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzinde ulag pudagyndaky iri taslamalara maýa goýumlary gönükdirmek meselelerini giňişleýin maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.