“Çarlak” myhmanhanasynda “Zeminiň görki Siz, bagtyýar zenanlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Zeminiň görki Siz, bagtyýar zenanlar” ady bilen “Çarlak” myhmanhanasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şeýle hem milli medeni gymmatlyklarymyz boýunça hem sergi guraldy.

Oňa “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň we paýly gatnaşýan paýdarlar jemgyýetleriniň gelin-gyzlary gatnaşdy. Çärede Türkmenbaşy şäher Medeniýet bölüminiň sungat işgärleriniň aýdym-sazly, folklor çykyşlary täsirli bolup, baýramçylyk çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.Çäräniň dowamynda gelin-gyzlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.