2024-nji ýylyň 6-njy martynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody paýdarlar jemguýetiniň mejlisler zalynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň zähmet çekýän aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Watanymyzyň gülläp ösmegine, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenmegine, pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň täze eýýamda saklanmagyna we dowam etdirilmegine goşant goşýan bagtyýar aýal-gyzlarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Dabara gatnaşyjylar mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!