Ilçi Nury Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen duşuşdy. Onda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bişkek şäherindäki ilçihanasy habar berýär.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Gyrgyzystanyň wekiliýetini we medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrini Magtygulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen bagly Türkmenistanda geçiriljek çärelere işjeň gatnaşamaga çagyrdy.
Dostlukly döwletiň ministri ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etämeg taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ilçisi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Şunda sport ulgamynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridig bellendi.