Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň saýlanan Prezidentine gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Asif Ali Zardarä Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

"Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen işleşmegi meýilleşdirýärin" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işinde uly üstünlikleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.