2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi we “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen bilelikde Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy hem-de 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip yglan edilmegi mynasybetli “Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär galar” ady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenbaşy şaherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäseşik 4 şertden ybarat bolup, talyplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyndan hünar barada aýdan pähimlerini aýtmak, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden labyzly okamak, aýdym aýtmak, ”Magtymguly Pyragy-şygyrýetiň ussady” atly temadan goşgy, makala, oýlanma ýazmak, şahryň ömri we döredijiligi boýunça test görnüşindäki soraglara jogap bermek boýunça bäsleşdiler. Şeýle hem talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň miras galdyran tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada wasp etdiler.
Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň kompýuter ulgamlarynda programmirlemek hünäriniň 1 ýyl talyby Ç.Nurjumaýewa Baş baýraga, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň logistika operasion işi hünäriniň 1 ýyl talyby Z.Öwezowa I orna, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň gämi sürüji hünäriniň 1 ýyl talyby T.Galpakow II orna, Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 2 ýyl talyby A.Amangeldiýewa III orna mynasyp boldular. Ýeňjilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we ”Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň adyndan Hormat haty we gymmat bahaly hem-de höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.