Moskwada demirýol ugurlarynyň kesişýän çatryklarynda päsgelçilikleri habar berýän tehnologiýa oturdyldy. Bu barada Moskwanyň demir ýollarynyň resmi saýtynda habar berilýändigi «ТАСС» tarapyndan beýan edilýär.
«Moskwadaky Pokrowskiý — Streşnewo sebitindäki demir ýol ugrunyň kesişýän ýerinde, geçelgedäki päsgelçilikleri ýüze çykarmak üçin akylly ulgam ornaşdyryldy. Şeýlelikde, bu ýerde çatrygyň hereketini düzgünleşdiriji gulluk işgäri bolmazdan, geçelgäniň dolandyryş zolagynda ýüze çykan päsgelçilikleriň bellige alynmagy hakynda dispetçere onlaýn signal berýän ulgam hereket eder» — diýlip, habarda bellenilýär.
Şeýle-de otlynyň ýerleşýän ýerinde alnan maglumatlaryň onuň päsgelçilik bilen çaknyşmagynyň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleri görýän lokomotiw ekipažyna iberilýändigi bellenilýär.
«Moskwa demir ýolundaky betbagtçylyklaryň öňüni almak üçin geçelgeleri abatlamak, şeýle hem howpsuzlygy ýokarlandyrýan ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär» — diýlip, Moskwanyň demir ýollarynyň maglumatlarynda bellenýär.