2024-nji ýylyň 18-nji martynda Balkan welaýatynyň döwlet arhiwiniň hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmaklarynda agentligiň mejlisler zalynda “Arhiw we arhiw işi” boýunça amaly okuw sapagy geçirildi.
Arhiw işiniň kanunçylyk esaslary, arhiwi talaba laýyk alyp barmak, arhiw resminamalaryny jemleýji ýyllyk ýazgylaryny dogry we doly ýöretmek, resminamalaryň abat aýawly saklanmagyny gazanmak, resminama gymmatlyklaryna her bir arhiw işgäri jogapkärli garamak – okuw sapagynyň esasy maksady boldy.
Balkan welaýatynyň döwlet arhiwinden gelen wekiller çykyş edip, arhiw barada giň düşünje berdiler, tejribe alyşdylar, arhiw işini alyp barmakda ýüze çykýan meseleler boýunça sorag-jogap alyşdylar. Täsirli geçen okuw sapagy işgärleriň iş tejribelerini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi.