Tatarystanyň ilkinji Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini türk halklarynyň gadymy baýramy — Nowruz bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mintimer Şaýmiýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy türk halklarynyň gadymy baýramy — Nowruz baýramy bilen gutlady.

Gutlag hatda:

— Türki halklaryň gadymy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu baýram tebigatyň janlanmagyny, adamyň daşyny gurşap alýan dünýä bilen sazlaşygyny, täzelenişi, döredijilikli güýji we şatlygy alamatlandyrýar. Bu ajaýyp bahar baýramynda Size berk jan saglyk, üstünlik, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin — diýip bellenilýär.