“Deňiz” myhmanhanasy Google-yň ýokary hyzmatly üç sany myhmanhananyň ilkinjisi bolup durýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň merkezinde ýerleşýän «Deňiz» myhmanhanasy, müşderileriň teswirleri boýunça Google-yň ýokaryhyzmatly üç sany myhmanhananyň ilkinjisi bolup durýar.

Myhmanhananyň ýyldyz derejeligi syýahatçylara myhmanhanadaky rahatlygyň we amatlylygyň derejesini kesgitlemäge kömek edýän klassifikasiýa ulgamydyr. Ýyldyz derejeligi bolan myhmanhanalarda berjaý edilmeli rahatlylyk we amatlylyk standartlary bar.

1 ýyldyzly myhmanhana - rahatlygy we amatlylygy çäkli, ýöne arassalamak we howpsuzlyk ýaly esasy hyzmatlar bilen üpjün edilen myhmanhanalar.

2 ýyldyzly myhmanhana - rahatlylygy we amatlylygy gowulanan, ýöne çäkli hyzmatlary hödürleýär.

3 ýyldyzly myhmanhana - amatly otagly myhmanhanalar bolup, restoran, howdan we başga-da giň hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalar.

4 ýyldyzly myhmanhana - ýokary derejeli rahatlyk we amatly myhmanhanalar, spa merkezi, mejlisler otagy we başga-da has giň hyzmatlary hödürleýän myhmanhanalar.

5 ýyldyzly myhmanhana - ýokary derejeli rahatlyk we amatlylyk, dürli görnüşli hyzmatlary we kaşaňlyga hem-de müşderilere şahsy üns berýän myhmanhanalar

Bu bolsa, «Deňiz» myhmanhanasynyň 5 ýyldyzly bolmagy, öz derejesinde iň gowy myhmanhanalardan biridigini we köp syýahatçylary özüne çekýänligini aňladýar.

Myhmanhana müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin amatly otaglary we ajaýyp hyzmatlary hödürleýär. Müşderileriň haýyşlary boýunça 5 kg çenli öý haýwanlaryny getirmäge hem rugsat edilýär.

Myhmanhanada saglygyňyz we gözelligiňiz üçin dürli hyzmatlary tapyp bilersiňiz. Suwy ýyladylýan daşky howuzda ýa-da binanyň içindäki ýapyk howuzlaryň birinde ýüzüp, saunada, fitnes merkezinde ýa-da spa merkezinde rahatlanyp, hem-de bouling, bilýard, kompýuter oýunlary, stol tennisi ýa-da futbol oýnap bilersiňiz. Çagalar üçin oýun maşynlary bolan oýun zolagy, kinoteatr we aerohokkeý bar.

Restoran dürli görnüşli ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharyny hödürleýär. Agşam karaoke baryna baryp, halaýan aýdymlaryňyzy aýdyp bilersiňiz ýa-da däne kofesinden lezzet alyp bilersiňiz.

Mundan başga-da, TripAdvisor internet sahypasynda myhmanhanyň ýokary hilli hyzmatyny we amatlylygyny subut edýän ýokary görkezijileri bar.

Has giňişleýin maglumat üçin myhmanhananyň resmi internet sahypasyna girip bilersiňiz: http://deniz.com.tm/.