2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliniň gatnaşmagynda brifing gurnaldy. Brifinge Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ylmy-analitika merkezleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Brifingyň esasy mowzugy esasynda, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň startegiýalary,Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň innowasion mümkinçilikleri, şeýle hem, ulag-üstaşyr ösüşleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Brifingiň dowamynda sebitleýin integrasiýany we özara arabaglanşygy ösdürmek babatynda pikirler öňe sürülip, oňa gatnaşanlaryň arasynda özara pikirler alşyldy.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Palwanow gepleşiklere işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ulag pudagynda ýetilen sepgitleri belläp geçip, sebitara gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem, brifingyň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini beýan edýän çykyşlar we wideolar görkezilip, gatnaşanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Merkezi Aziýanyň esasy ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň bu babatda mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan gurnamagyň zerurlygy barada umumy netijä geldiler.
Şeýle duşuşyklar, Türkmenistanyň ulag ulgamyna çuňňur düşünmäge ýardam edip, ýurduň ulag pudagynyň bilermenleriniň hem-de wekilleriniň arasynda bilen göni aragatnaşygyň saklanmagyna oňaýly täsir eder.