Sişenbe güni, 9-njy aprelde, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ukrayina we Türkiýe Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden suwuklandyrylan gaz we "B" kysymly karbamidy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürleri ýerli kärhanasyndan Buýan kökli çaý içgisini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 184 812,50 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.