Ýewropanyň ösüş we täzeleniş banky müşderiler bilen gepleşikleri geçirmek boýunça ussatlyk sapagyny geçirer

Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de şahsy maslahatçylary “Müşderi bilen gepleşikleri geçirmegiň usullary” atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar. 

Bu çäre 26-njy aprelde Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler. 

Ussatlyk sapagy gatnaşyjylara müşderi bilen duşuşygyň inçe tilsimlerini özleşdirmäge, gepleşikleri geçirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam berer. 

Ussatlyk sapagyny işewür-maslahatçy Wladimir Çernýawskiý geçirer. Ol Belgiýadaky Guramaçylyk we sosial ösüş halkara institutynda “Guramaçylyk ösüşi we üýtgeşmeleri dolandyrmak: adamlar we ulgamlar” maksatnamasy boýunça bilim aldy.

Çärä gatnaşmak üçin degişli nusgadaky ýüztutmany doldurmaly we ony kompaniýa baradaky maglumat hem-de maslahatçynyň rezýumesi bilen 2024-nji ýylyň 16-njy apreline çenli ovezovat@ebrd.com

elektron salgysyna ibermeli. 

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgisine jaň ediň. 

(+99363) 29-68-94

Ussatlyk sapagy tölegsiz geçirilýär. Ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.