Gruziýada ylmy hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi

Şu ýylyň 17-20-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tbiliside iş saparynda bolýar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidze bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda iki ýurduň alymlarynyň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak we tejribe alyşmak, şeýle hem döwletleriň medeni mirasynyň, gadymy gymmatlyklarynyň hem-de milli sungatynyň giňden ýaýramagyna itergi berýän bilelikdäki çäreleri geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda, Dawut Orazsähedow we Zaza Abaşidze dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama çekdiler.