15 — 17-nji maý aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda halkara 17-nji Azerbaýjan «Caspian Agro» sergisi geçiriler.
«Caspian Agro» sebitdäki iň uly oba hojalyk sergisidir. Agrosenagat pudagy uly geljegi bolan ykdysadyýetiň çalt ösýän pudagydyr. Sergi ýene Azerbaýjanyň agrosenagat toplumynyň ýurduň we daşary döwletleriň öňdebaryjy gatnaşyjylary bolan importçylary, eksportçylary, oba hojalyk önümlerini paýlaýjylary, lomaý we bölek söwda wekillerini, şeýle hem müňlerçe ýörite hünärmenleri, şol sanda maldarçylyk hojalyklaryny özünde jemlär. Azerbaýjandan başga-da Belarus, Belgiýa, Germaniýa, Gruziýa, Ysraýyl, Italiýa, Hytaý, Latwiýa, Gollandiýa, Russiýa Federasiýasy, Serbiýa, ABŞ, Türkiýe, Finlýandiýa, Fransiýa, Çehiýa, Estoniýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň kompaniýalary sergä gatnaşarlar.
Sergä gatnaşmagyň artykmaçlyklary, diňe bir maksatly myhmanlar toparynyň däl, eýsem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, döwlet edaralaryndan hem köp mukdarda we has arzan bahadan maksatly topar bilen ýokary hilli aragatnaşykda kompaniýanyň önümlerine ünsi çekmekdir.
Üç gün dowam etjek «Caspian Agro» sergisiniň esasy bölümlerine oba hojalygy tehnikasy we enjamlary, suwaryş ulgamlary, gaplaýyş, oba hojalygynda innowasiýa tehnologiýalary, maldarçylyk we guşçylyk, ýyladyşhana ekerançylygy, iýmit önümçiligi, weterinariýa, ekin önümçiligi, dökünler we bagbançylyk girýär.
Däp bolşy ýaly, serginiň çäginde ikitaraplaýyn işewürlik ýygnaklary (B2B we B2G) geçiriler.