«Damen Services Canada» täze ofisiniň açylyşyny belleýär

«Damen Services Canada» ýaňy-ýakynda Kanadanyň Britaniýa Kolumbiýasynyň Wiktoriýa şäherinde täze hyzmat merkeziniň açylyşyny belledi. «Damen Services» Kanadada öz işini 2019-njy ýylda getirilen gämilere kepillik hyzmatlaryny bermek bilen başlady. Täze merkez Demirgazyk Amerikadaky gämilere hyzmat etmäge täze mümkinçilikler döredip, bölek satuwy, tehniki goldawy we tehniki hyzmaty goşmak bilen bu ugurda hyzmatlary giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýyllaryň dowamynda Kanadanyň gündogar we günbatar kenarlaryna «Damen» kompaniýasyna degişli köp gämiler getirildi. Kompaniýanyň Kanadadaky hyzmat merkezine ýygy-ýygydan müşderileriň ýüzlenmegi esasynda, goldaw topary köpeldi we ussahana hem-de ammar bilen has uly ofisiň açmagyň wagty geldi. Täze hyzmat merkeziniň ýerleşişi, işgärlere has uly ofis ýerini we müşderilere has çalt hyzmat etmek üçin zerur bölekler bilen üpjün ediljek ammary döreder. Kompaniýanyň täze ofisi müşderileriň gatnaşmagynda 25-nji aprelde resmi taýdan açyldy.

«Damen Services Canada» 2024-nji ýylda hyzmatlaryny giňeltmegi dowam etdirer. Demirgazyk Amerikanyň ofisi tehniki kömek, tehniki hyzmat we hyzmat şertnamalaryny, ýerli we global aksiýalardan ätiýaçlyk şaýlaryny, taslamany dolandyrmagy we «Point Hope Maritime» bilen hyzmatdaşlykda Kanadada gämi abatlaýyş we kämilleşdirmwgi hödürläp biler. Bu gyssagly kömeginiň ýokary standartyny saklamagy dowam etdirmäne ýardam berer.