«BMW M5» täze nusgasy bilen super sedanlaryň dünýäsine aralaşmaga taýýar

«BMW» super sedanlaryň arasynda täze nusga boljak 2025-nji ýylyň «M5» modelini çykarmaga taýýarlanýar. Bu awtoulag ýakynda synagdan geçirildi we gabarasynyň dizaýnyna täzeden hem has içgin göz aýlamak boýunça degişli işleri alyp barýar.

Resmi wekilleriň maglumatlary täze «M5» ulagynyň iki turbinaly bolup, onuň 4,4 litrlik V8 we 8 tizlikli awtomatiki transmissiýa birikdirilen elektrik hereketlendirijisini aljakdygyny tassyklaýar. Bu ulgam 738 at güýji we 1000 Nm kuwwaty bilen «XM Label» krossowerinde oturdylan ulgamy ýada salýar. «BMW M5» plagin gibridi öňki paneliň çep tarapyndaky energiýa beriş porty bilen tapawutlanýar.

Täze model dinamiki görnüşe eýe boljak sport nusgasyndaky bamperlere we dizaýna eýe bolar. «M5-iň» içki bölegini sport oturgyçlary, aýratyn bezegler we köp sanly «M» ýazgylary bezär. Mundan başga-da, model rahatlygy ýitirmän, güýçlenýän kuwwat bilen göreşmäge mümkinçilik berýän kämil saklaýyş ulgamyny alar.

«BMW M5» diňe bir «Mersedes-AMG E 63» bilen däl, eýsem, «V8» hereketlendirijisine wepaly «Audi RS 6 Avant» bilen hem bäsleşer. Muňa garamazdan, häzirlikçe onuň elektrik goşundysy ýok. Täze «M5 Touring» ulagynyň bahasynyň 130 000 dollardan başlanmagyna garaşylýar we bu ony öz synpynda iň islenýän awtoulaglaryň birine öwrer. «BMW» täze «M5» modelini ýakyn aýlarda çykarmagy meýilleşdirýär.