Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň talyplary HHR-iň döwlet dolandyryşynda gysga möhletli okuwa gatnaşarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyplary Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin uniwersitetinde döwlet dolandyryşy boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar.

Seminar, Pekin uniwersitetiniň bilim gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän (Dongfang) taslamasynyň çäginde geçiriler. 56 ýurduň wekilleri bilen birlikde hökümet bölümlerine we hususy kärhanalara baryp görerler.

6-njy iýunda okuw gutarandan soň, gatnaşyjylara Pekin uniwersitetinden şahadatnama gowşurylar.

Bu taslama Hytaýda dolandyryşyň aýratynlyklaryny tanatmak maksady bilen 2019-njy ýylda başlandy. Taslamanyň diňleýjileri dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş ýolbaşçylar, hökümet bölümleriniň, syýasy partiýalaryň, pikir merkezleriniň we akademiýanyň wekilleri.