Türkmen kinematografiýaçylary tarapyndan Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp surata düşürilen film Gyrgyzystanyň teleýaýlymlarynda görkezilýär

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek boýunça ençeme işleri amala aşyrdy. Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde Gyrgyzystanda bu birleşik tarapyndan «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film surata düşürildi.

2024-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda gyrgyz dilinde ses berlen bu film Gyrgyz Respublikasynyň «Тв-15», «Регион», «7-канал», «MANAS TV», «УТРК» we «Madaniýat TV» teleýaýlymlarynda görkezilýär.

Beýik türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi baradaky dokumental film taryhy maglumatlary we gyrgyz ylmy intelligensiýasy bilen geçirilen söhbetdeşlikleri özünde jemleýär.