2024-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şanly sene – türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleri, hususan-da Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, Aşgabadyň günortasynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyny hem-de beýleki çäreleri guramaga we geçirmäge bagyşlanan metbugat-brifingi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Çäräni Tükmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow alyp bardylar. Duşuşyga Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Brifingiň barşynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşulmagynyň Magtymguly Pyragynyň şahyrana we pelsepe mirasynyň bütin adamzadyň medeni hazynasynyň bahasyna ýetip bolmajak bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar tapandygyna şaýatlyk edýändigi nygtaldy. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna girizilmeginiň hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmeginiň şahyryň şygyrlarynyň we pikiriniň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda uly ähmiýete eýedigini görkezýändigi bellenildi.