Aprelde «KamAZ» 2024-nji ýylyň başyndan bäri ilkinji gezek awtoulag bazarynda liderlige eýe boldy. Bu barada «АВТОСТАТ Оперативка» tarapyndan hödürlenen göni efirde degişli çeşmeleriň operatiw maglumatlaryna salgylanýan seljeriş agentliginiň direktory Sergeý Selikow aýtdy.
Seljeriji hünärmenleriň hasaplamalary 2024-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň kompaniýalarynyň 2118 ýük ulagyny satandyklaryny tassyklaýar. Şunlukda, satan ulaglarynyň sany boýunça ilkinji gezek Hytaýyň «SITRAK» brendinden öňe saýlanan «KamAZ» ýük awtoulaglarynyň bazarynyň 19 %-ini eýeleýär.
Şol bir wagtyň özünde bolsa «KamAZ» tarapyndan aprel aýynda satylan awtoulaglaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 31% azalandygyna ünsi çekmek gerek. «SITRAK» ýük awtoulaglary bolsa 2023-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 33% arzanlady. Muňa garamazdan, Hytaýyň markasy umumy bazaryň 13 %-ini emele getirip, satuwy boýunça ikinji orunda durýar.
Beýleki tarapdan, Hytaýyň ýene bir markasynyň satuwy artdy. 2024-nji ýylyň aprel aýynyň jemi boýunça «Dongfeng» awtoulaglarynyň satylan sany 3,5 esse ýokarlandy. Hytaýyň «FAW» kompaniýasyndan täze agyr ulaglarynyň satuwy 9% ýokarlandy.