2024-nji ýylyň 14-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Stambul şäherinden gelýän ýükleri «MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.» kompaniýasynyň howa gämilerinden düşürip, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystan Respublikasynyň Aktobe şäherine ugradyldy. Bu barada TULM-yň resmi saýtynda habar berilýär.
Bu gatnawyň dowamynda diňe üstaşyr täjirçilik gonuş bilen çäklenmän awia ýangyç guýmak hyzmatlary hem ýerine ýetirildi.
Geljekde Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň üsti bilen hepdelik multimodal gatnawlary amala aşyrmak meýilleşdirilýär diýip, habarda bellenilýär.