Aşgabatda gaýtadan dronlaryň süweleňi geçiriler

18-nji maýda Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary täze açylan Magtymguly Pyragy medeni we seýilgäh toplumynyň çäginde gaýtdan geçiriljek dronlaryň şüweleňini synlap bilerler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň "Türkmenportala" habar berişi ýaly şüweleň 21: 00-da başlanar.

Ähli isleg bildirenler täze seýilgäh toplumynyň çäginden ajaýyp çykyşlara tomaşa edip biler.

Yşyklandyryjylar bilen enjamlaşdyrylan ýüzlerçe dronlar gijeki asmanda reňkli şekilleri we nagyşlary emele getirerler.