Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň ýolbaşçylygyna ýurduň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.
Eýranyň Prezidenti şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni habar berdi.
IRNA agentliginiň habar bermegine görä, heläkçilige uçran dikuçarda Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, Gündogar Azarbaýjan welaýatynyň gubernatory Malek Rahmati we Seýed Ebrahim Raisiniň janpena toparynyň başlygy Mehdi Musawi, ýurdyň Ýokary ýolbaşçysynyň welaýatdaky wekili hem bardy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.