Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda anna güni Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän sergä Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
“Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän ähli çäreler häzirki döwürde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezer” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
Aşgabat şäher häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guraýan bu giň möçberli halkara sergisinde paýtagtda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmek hakdaky tutumly işler jemgyýetçilige hödürlenilýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän bu halkara sergi şu ýylyň 25-nji maýyna çenli dowam eder.