Iň soňky «BMW Skytop» Komo kölüniň kenaryndaky nusgawy awtoulaglaryň «Villa d'Este 2024» sergisinde ilkinji gezek görkezildi.
Iki orunlyk «BMW Skytop» nusgasynda el bilen aýryp bolýan gaty düwme hem-de düwmäni ulanyp ýokary galdyryp we düşürip boljak yzky aýna bar.
«Skytop» nusgasyny döretmekde «BMW Z8» we «503» brendleriniň nusgawy modelleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak kararyna gelindi. Bu awtoulag häzirki wagtda diňe konsepsiýa awtoulagy bolsa-da, «BMW» çäkli önümçiligiň mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.
«Skytop» nusgasynyň boýagy Dingolfingdäki zawodda ýörite topar tarapyndan döredildi. Bu ýerde goňur hem gyzyl reňkler utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, bu işde «hrom kölegeli täsiri» özünde jemleýän kümüş gabara emele gelipdir. Munuň özi «Skytop» üçin ýörite taýýarlanan reňk öwüşginidir.
Awtoulag «iň güýçli V8 hereketlendirijisine» eýelik edýär. Bu bolsa «M8 Competition» nusgasynda ulanylýan 4,4 litrlik 625 at güýjüne deňdir.