“Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk gecirildi.

2024-nji ýylyň 30-njy maýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça başlangyjyny goldaýandygyny mälim edip, şertnamanyň taslamasynyň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykda Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça dört taraplaýyn hökümetara Ylalaşygyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde gol çekmek meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Hazar deňzi-Gara deňzi halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Ylalaşyk sebit ýurtlarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açyp, Hazar deňzi-Gara deňzi ugry boýunça ýük dolanyşygyny artdyrar we ýük daşamalary babatynda çykdajylaryny we ýükleri eltmegiň wagtyny azaldar.