"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Şri-Lankanyň Portlar, deňiz gatnawy we awiasiýa ministrliginiň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler

2024-nji ýylyň 29-njy maýynda “Türkmendeňizdarýaýollary” agentliginiň we Şri-Lankanyň Portlar, deňiz gatnawy we awiasiýa ministrliginiň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda deňiz ulag ulgamynda özarabäbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy barada gürrüň berdiler. Şri-Lankanyň wekilleri portuň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen ornaşdyrylan hem-de dürli hyzmatlary hödürleýän häzirki zaman  bäş sany terminaly bilen tanyşdylar.

Şri-Lankanyň wekilleri hem öz gezeginde Günorta Aziýanyň iň uly portlarynyň biri bolan Kolombo portunyň mümkinçilikleri barada türkmen wekillerini tanyşdyrdylar. Şri-Lankanyň günorta-günbatar kenarynda ýerleşýän Kolombo porty ýurduň iň uly porty bolup, Hindi ummanynyň iň möhüm portlaryndan biridir. Kolombo porty esasy üstaşyr gatnawynyň we ýük dolanyşygyň merkezi bolmak bilen Şri-Lankanyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem bu ýurtda syýahatçylygyň ösmeginde esasy orny eýeleýär.

Duşuşygyň soňunda, taraplar iki portuň arasynda özarabähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de bu hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça iş alyp barmaga ygrardyklaryny beýan etdiler.