Türkmen wekiliýeti halkara parlament forumyna gatnaşar

Türkmen wekiliýeti 10-njy iýunda Duşenbe şäherinde geçiriljek Halkara parlament forumyna gatnaşar. Bu barada «Howar» habarlar saýty habar berdi.

Forum Duşenbe şäherindäki Täjigistanyň Milli kitaphanasynda geçirilip, «Suw serişdelerine we demografiki durnuklylyga ýaşlaryň gyzyklanmalary» şugary astyna guralar. Oňa Türkmenistan, Ýaponiýa, Türkiýe, Gazagystan, Özbegistan, Pakistan, Belarus Respublikasy, Azerbaýjan, Gruziýa, Malaýziýa, Ermenistan, Awstriýa, Bosniýa we Gersogowiný, Moldowa, Nepal we Rumyniýa ýaly 20-den gowrak döwletden wekiliýetler gatnaşar.

Forumyň dowamynda suw diplomatiýasy, suwdan tygşytly peýdalanmak, bu ugurda degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.