Dubaý terminalynyň we «DP World» logistika korporasiýasynyň maýa goýum bukjasyndaky terminallar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 20,7 million TEU-dan geçdi. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 6% köpdür. Bukjanyň düzümindäki üýtgeşmeleri hasaba almazdan deňeşdirip boljak ösüş 5,5% boldy.
Toparyň Aziýadaky we Hindi ýarym adasyndaky terminallary arkaly gatnaw umumy dolanyşygyň ýarysyny emele getirýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüniň netijesi deňeşdirilende, 10% -den gowrak ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär. Şeýle hem, Amerika — Awstraliýa sebitindäki göwrümler takmynan 12% ýokarlandy, ýöne bu «DP World» kompaniýasynyň işiniň iň kiçi bölegi. Ýewropa + Ortaýer deňzi we Ýakyn Gündogar sebitiniň dolanyşygy 1% azaldy we 7,33 million TEU boldy. Muňa garamazdan, Jebel Ali portunyň üsti bilen geçiş mukdary 3,5% artyp, çärýekde 3,6 million TEU-dan geçdi.