Gazagystan haryt dolanyşygyny 1 million ABŞ dollaryndan 3 million ABŞ dollyna çenli artdyrmak üçin Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana uzaýan alternatiw ugry döretmegi meýilleşdirýär diýip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin mälim etdi. Bu barada “Interfaks-Gazagystan” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Serik Žumangariniň aýtmagyna görä, ýurduň Hökümeti häzirki wagtda möçberi azyndan 500 müň tonnadan ybarat bolan bugdaýyň, unuň we çörek önümleriň Owganystana eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary ýurduň Owganystan bilen gatnaşyklarynyň okgunly ösüşiniň saklanylýandygyny, häzirki görkezijileri ýokarlandyrmak üçin geljek hepdede Aktau şäherinde “Demirgazyk – Günorta” ilkinji söwda-logistika forumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini, şeýle-de oňa Owgansytanyň wekilleriniň hem çagyrylandygyny belledi.
Häzrki wagtda Gazagystandan Owganystana uzaýan esasy ýol Özbegistanyň üstünden geçýär.