Oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 124,1 göterime deň boldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji iýunda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 124,1 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 129,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 133,3 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 224,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 109,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 107,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 114 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,8 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 387,8 göterim ýerine ýetirildi.