Aşgabatda gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitara maslahaty geçirildi

11-12-nji iýunda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri duşuşyga synçy hökmünde wekilçilik etdiler.

«Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjy BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä Gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Şu ýylky duşuşygyň esasy temalary port gözegçilik toparlaryň arasynda ýokary töwekgelçilikli ýükler barada deslapky maglumatlary alyş-çalyş etmegiň mehanizmini döretmek, «Ýokary töwekgelçilikli ýükler üçin sebitleýin duýduryş ulgamyny – RECASIS-i» durmuşa geçirmek,   «ContainerCOMM» platformasynyň ykjam goşundy görnüşini işläp düzmek hem-de Täjigistanda we Özbegistanda täze port gözegçilik toparlaryny döretmek boldy.

Duşuşygyň dowamynda şeýle-de «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetirilişi hem-de geljekki öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde şeýle meseleler bilen bagly ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýakyndan ýardam bermeginde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan geçirildi.