Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisi Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025 möwsümlerinde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär. 

AFK-nyň ikinji derejeli bäsleşigi bolan “Çempionlar ligasy – 2” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny “Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary üstünlikli geçdiler. “Arkadag”, “Aşgabat” “Nebitçi” toparlary bolsa AFK-nyň “Çagyryş Kubogy” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli tabşyrdylar.

“Klub ygtyýarlandyrmasy” – halkara ýaryşyna gatnaşýan klublara gerek bolan ygtyýarlandyrma öz içinde günsaýyn täzelenýän futbol düzgünlerini kadalaşdyrmak üçin hökmany bolup durýar