Pakistan Türkmenistan bilen karbamid importy boýunça gepleşikleri geçirýär

Pakistan dökünlere barha artýan içerki talaplary kanagatlandyrmak maksady bilen gönüden-göni hökümetara ylalaşygynyň çäklerinde 200 müň tonna karbamidiň importy boýunça Türkmenistan bilen gepleşiklere başlady. Bu barada Pakistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçysy “The News International” neşirine penşenbe güni beren interwýusynda tassyklady.

Bu başlangyç Pakistanyň oba hojalyk pudagy üçin zerur bolan karbamidiň durnukly iberilişini üpjün etmek boýunça ýurduň giň gerimli strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň maksady bu möhüm çig malyň Türkmenistandan iberilişini durnukly üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň senagat we önümçilik federal ministri Rana Tanwir Husseýnyň arasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda Pakistanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary barada habar berdildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet şu ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda ikitaraplaýyn söwda we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri öwrenmek maksady bilen Türkmenistana gelerler.