Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurulýan saglygy goraýyş desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, bu ýerde Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle-de wise-premýer Stomatologiýa merkeziniň, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary, saglygy goraýyş edaralarynyň baş meýilnamasy, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, sagaldyş ulgamyna degişli merkezleriň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy, otaglaryň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda Mary welaýatynda 200 orunlyk, Balkan we Lebap welaýatlarynda her biri 150 orunlyk halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň, Daşoguz welaýatynda 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 600 orunlyk S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň, şu uniwersitetiň 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky 1000 orunlyk lukmançylyk orta hünär mekdebiniň şekil taslamalary bar.

Tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Yslam ösüş bankynyň Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşygyny, Saud ösüş gaznasynyň bolsa Mary welaýatyndaky onkologiýa merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirýändigi barada habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş edaralarynyň guramaçylyk we hojalyk işlerini talabalaýyk guramaga jogapkärçilikli çemeleşmek, täze merkezlerde işleýän lukmanlaryň sanyna gaýtadan seretmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy.