«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze startaplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşik 7 ugur boýunça geçiriler:

  1. Emeli aň;
  2. robototehnika we awtomatizasiýa;
  3. akylly oba hojalyk tehnologiýalary;
  4. smart city;
  5. bilim we elektron okuw;
  6. sanly lukmançylyk;
  7. hyzmatlar ulgamy.

Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär.

Düzgünnamada bellenilişi ýaly, döredilen (düzülen) oýlap tapyşlaryň şu aşakdaky talaplaryň göz öňünde tutulyp taýýarlanylmagy möhümdir:

Taslamanyň wajyplygy, önümçilige ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligi;

  1. aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň işini ösdürmekde innowasiýa usullarynyň peýdalanylyşy;
  2. ykdysady taýdan peýdalylygy;
  3. oýlap tapyşyň hili we durmuşda ulanmak ýeňilligi (rahatlygy);
  4. dizaýn taýdan bezelmegi;
  5. döredilen oýlap tapyşlar kanunçylygyň ähli talaplaryna laýyklykda düzülmelidir. Göçürmä (плагиат) rugsat berilmeýär.

Ýazylan programma üpjünçiligiň esaslandyryş kodlary bolmalydyr.

Bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat edilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy anyk kesgitlenmelidir).

Şu bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýänleriň resminamalary ýaşlar tarapyndan hödürlenip biliner.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaça arzasy, çap edilen maglumatynyň (agzalarynyň), pasportynyň nusgalary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.