Ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň haýsy biriniň işine seredilende-de, Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde ählisiniň gün-günden ösüşlere özgerişlere beslenýändigini görmek bolýar.
Deňiz we derýa ulag pudagy barada aýdylsa, onda sanlyja ýyllaryň dowamynda taryha altyn harplar bilen ýazylmaga degişli özgerişlikler bolup geçdi.
Munuň hatarynda diňe bir täze Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy däl, eýsem milli flotumyzyň tehniki binýadynyň kämilleşmegi hem bellärliklidir. Sebäbi, Hormatly Preztidentimiziň aladalary bilen, gurdurylyp satyn alanan birnäçe gämilerimiz şu günki günde ýaşyl baýdagymyzy pasyrdadyp daşary ýurt portlaryna halkara ýüzüşleri amala aşyrýarlar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň has hem belende göterilmeginde goşant boldy.
“Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” birnäçe görnüşli täze gämileri gurdurmak taslamalary meýilleşdirilýär. Bu gämiler “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri bilen gurdurmak göz öňünde tutulan. Ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiz OPEK Halkara ösüş gaznasy we Yslam Ösüş banky bilen bilelikde gämi gurluşyk taslamalary maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Munuň netijesi bolsa, milli Maksatnamamyz boýunça her ädimleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şaýatydyr.
Milli Liderimiziň gol çeken Kararynda 2 sany “RO-RO” görnüşli parom gämisiniň we 1 sany gury ýük gämisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmeklik göz öňünde tutulan. Denir ýol wagonlary we awtoulaglary daşaýan parom gämisi tehniki häsiýetnamasy: uzynlygy-154,5 m, ini-17,5 m, bortuň beýikligi-7,5 m, suwa batyryş derejesi – 4,5 m wagon-56 sany, awtoulag-50 sany, ýolagçy-50 adam; Gury ýük we konteýnerleri daşaýjy gäminiň tehniki häsiýetnamasy: uzynlygy-109,10 m ini-16,70, bortuň beýikligi 5,5 m, suwa batyryş derejesi- 3,60/4,60, ýük göterijiligi 3600/5100 t, konteýner sygymlygy 136 sany. Ýakyn döwürde bu gämileriň gurluşygyna başlanar, hem-de täze gamileriň ulanyşa girizilmegi bilen Hazarýaka döwletleriň arasynda deňiz ulag hyzmatdaşlygyny has hem ösdürmekde işjeň netijesini görkezer.
Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdymyzda täze zawod-fabrikalar gurlup, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri birnäçe esse artdy. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara daşalmagy üçin guruljak gämileriň ähmiýetini has hem artdyrýar.
Guruljak “RO-RO” görnüşli parom gämiler demir ýol wagonlaryny, ýük awtoulaglaryny daşamaga we ýolagçylary gatnatmaga mümkinçilik berer. Gury ýük gämisi bolsa ýurdumyzyň eksport ýüklerini daşamakda ähmiýetli hyzmatlary amala aşyrar.
Ýurdymyzyň milli deňiz flotuny ösdürmäge maksat edinilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda deňiz ulag pudagynyň ýük dolanşygynyň artmagyna hem-de logistikanyň ösmegine öz tasirini ýetirer.
Şeýle mumkinçilikleri döredip beren Milli Liderimize köp alkyşlar aýdýarys!