Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Bu hakda Türkmenistan Habarlar Portaly habar berýär.
Kabul edişlikde Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistan bilen dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň möhümdigini belläp geçdi.
Gazagystanyň Prezidenti Nurlan Nogaýewiň öňünde energiýa, ulag-aragatnaşyk, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazak-türkmen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly birnäçe wezipleriň durýandygyna ünsi çekdi.
Kasym Žomart-Tokaýew ýakyn wagtda geçiriljek kabul edilişik bilen bagly ýokary derejeli gepleşikleriň mazmunyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.