Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly öndürilip, welaýatlar boýunça bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli berjaý edildi. Bu barada anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde welaýatlaryň häkimleri habar berdiler.
Hususan-da, Ahal welaýaty boýunça 400 müň tonnadan, Balkan welaýaty boýunça 80 müň tonnadan, Daşoguz welaýaty boýunça 270 müň tonnadan, Lebap welaýaty boýunça 310 müň tonnadan, Mary welaýaty boýunça 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirilip, Watan harmanyna tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle hem 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.